1-nji maýda Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde
«Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek boýunça maslahat geçirildi.
Oňa birnäçe ministrlikleriň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary we
wekilleri, bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, tejribeli
itşynaslar we beýleki hünärmenler gatnaşdylar.
Ara alyp
maslahatlaşmak üçin bu assosiasiýany döretmek, onuň Tertipnamasyny tassyklamak,
assosiasiýanyň ýolbaşçysyny, müdiriýetiniň agzalaryny, gözegçilik-derňew
toparyny saýlamak baradaky meseleler girizildi.
Maslahatyň
barşynda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek barada resminamalar
kabul edildi, onuň gün tertibiniň beýleki meseleleri hem ara alnyp
maslahatlaşylyp, olar boýunça çözgütler çykaryldy. Assosiasiýanyň ýolbaşçysy
wezipesine Serdar Berdimuhamedowy saýlamak teklip edildi. Ses bermegiň netijesi
boýunça ol bu wezipä biragyzdan saýlanyldy.
Soňra
assosiasiýanyň täze saýlanan ýolbaşçysyna söz berildi. Ol bildirilen ynam üçin
hoşallyk sözlerini aýdyp, täze assosiasiýanyň geljekde ýerine ýetirmeli işleri
babatda garaýyşlary, onuň maksatlary hem-de meýilnamalary barada gürrüň berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alabaýlaryň goralyp saklanylmagyna
we köpeldilmegine, olaryň bütin dünýäde wagyz edilmegine berýän uly ünsi
aýratyn nygtaldy.