milli goshun logo
Tejen derýasynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi ulanylmaga berildi
Tejen derýasynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi ulanylmaga berildi
11.06.2020 1901 Habarlar

Ýakynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň serhedinde ýerleşýän «Sarahs — Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokadynda Tejen derýasynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsini ulanmaga bermek dabarasy boldy.

Täze köprüniň umumy uzynlygy 96 metre, ini 15,1 metre barabardyr. Desga inženerçilik-tehniki we ulanyş ölçegleri boýunça halkara ülňülerine kybap gelýär we agram, ýük göterijilik, awtoulaglaryň hereketiniň tizligi göz öňünde tutulyp bina edildi. Gurluşykda seýsmiki durnuklylygy hem-de beýleki tehniki häsiýetnamalary üpjün edýän ýokary berkligi bolan gurnamalar peýdalanyldy.

Mundan başga-da, bu logistiki taslamanyň çäklerinde Tejen — Sarahs, şol sanda Türkmenistanyň hem-de Eýranyň üstünden geçip, daşary ýurtlardan gelýän uly ýük göteriji iri ulaglar üçin awtomobil ýoly gurnaldy.

Şol gün göni wideoaragatnaşyk arkaly Ahal welaýatynyň häkiminiň hem-de Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşygy ministri, Horasan-Rezawi welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy geçirildi. Tejen derýasynyň üstünden geçýän awtoulag köprüsiniň ulanylmaga berilmeginiň ähmiýetini belläp, duşuşyga gatnaşyjylar iki goňşy ýurduň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hasan Ruhaniniň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ulag hem-de söwda-ykdysady ulgamlarda geljekki hyzmatdaşlyk babatynda pikir alyşdylar.