«IWI Carmel» hüjüm ýaragy berk we mäkämligi bilen
tapawutlanyp, barlaglardan üstünlikli geçen täzeçe ýarag ulgamydyr. Ýarag ähli
şertlerde ýokary netijelilik üçin polatdan, awiasiýanyň hiline gabat gelýän
alýumin we güýçli urgulara çydamly polimerden ýasalandyr.
Täze ýarag ýokary ot açyş tizligine eýe bolup, gaz
bilen işläp, özi ok doldurmak aýratynlygyna eýedir. Ýaragy 267mm, 305mm, 368mm we 406mm-lik dört
sany tapawutly nil bilen enjamlaşdyryp bolýar. Ýaragyň ähli metal bölekleri
poslama garşy durnuklydyr. «IWI Carmel»-iň kabul edijisi gijäni aýdyňlatmak
ukybyna eýedir. Ýaragyň ok toplumy bilen dürbüsini hasap etmäniňde, 3.3 kg
agyrlyga eýedir. Täze ýarag harby we hukuk goraýjy edaralarynyň dessin
wezipelerinde, gizlin tabşyryklarynda ulanmak üçin has-da amatlydyr.