Täze ýylyň
ýetip gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde dabaraly çärelere
badalga berildi. Bu çärelere serkerdeler, borçnama boýunça harby gullukçylar,
harby talyplar, harby okuwçylar we milli goşunymyzyň esgerleri gatnaşýarlar.
Şular ýaly
medeni dynç alyş çäreleriniň geçirilmegi harby gullukçylary ruhlandyrmaga,
olary höweslendirmäge ähli şertleri döredýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň
tagallalary esasynda, Ýaragly Güýçlerimizde ýaşlaryň döredijilik we
ukyp-başarnyklaryny açmaga hem uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda,
dabaralarda zehinli çagyryş boýunça harby gullukçylaryň toparlary hem çykyş
edýärler. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi
serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz topary, Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestri we başga-da zehinli aýdymçylardyr
sazandalar bar.
Täze ýylyň
şanyna geçirilýän dabaraly çäreler dekabr aýynyň ahyryna çenli dowam eder.
«Milli goşun».