milli goshun logo
Täze lybas söweşijilik ukyby artdyrar
Täze lybas söweşijilik ukyby artdyrar
24.02.2019 4410 Tehnologiýa

Täze bukujy lybas geljekde tehnikalary we esgerleri daş-töweregi bilen has gowy utgaşdyrar. Elektrikli induktirlenen material bilen örtülen lybas daş-töweregiň reňkine görä üýtgeýär.

Häzirki bar bolan nikaplaýjy lybas görnüşleriniň nikaplamak aýratynlyklaryny daş-töwerege görä üýtgemeýär. Mysal üçin, garda nikaplamak üçin niýetlenen ak lybaslar ýa-da çägeli ýerlerde gizlenmek üçin niýetlenen çägesöw lybaslar tokaýda ýaşyl reňke öwrülmeýär. Innowasion material nikaplamagy täze aýratynlyklar bilen üpjün edýär. Täze materialy lybaslarda, ýaraglarda we harby ekipajlarda ulanyp bolýar. Onuň ulanylyşy örän aňsat bolup, adaty boýaglar ýaly boýalýar.

Täze material «Ruselectronics» we «TSNIITOCHMASH» kompaniýalary tarapyndan işlenip düzüldi.