03.12.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Täze jaýlar – harby gullukçylarymyza toý sowgady
Täze jaýlar – harby gullukçylarymyza toý sowgady
20.11.2020 151 Harby Durmuş

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda mermer paýtagtymyzda ýene-de bir döwrebap toplum – ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin ähli amatlyklary bolan Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş-jaý toplumy açylyp, ulanmaga berildi. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli açylan täze toplum harby gullukçylarymyza özboluşly toý sowgady boldy. 

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde – Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynyň ählisi hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän iki gatly, kottež jaýlarydyr. Jaýlaryň açarlaryny ellerine alan ýurt goragçylary öz maşgalalary bilen bilelikde täze öýlere göçüp bardylar.

Täze jaýlaryň açylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaralara-da giň gerim berildi. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby döredijilik toparlary özleriniň taýýarlan çykyşlary bilen bu ýere ýygnananlaryň baýramçylyk ruhuny has belende göterdiler.

Bu gözel Diýarda şowly işleriň bady gowşadylanok. Ine, bu günem diňe biziň däl, harby gullukçylaryň onlarçasynyň maşgalasynda jaý toýy uludan tutuldy. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýyny edinmegimiz biziň buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Şle mümkinçilikleri yzygiderli döredip berip, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri hakda irginsiz alada edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyş aýdýarys – diýip, täze jaýa göçüp baran harby gullukçy, maýor Rüstem Salamatow buýsanjyny beýan etdi.

«Milli goşun».