Goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda, milli goşunymyzyň goranyş kuwwaty durnukly pugtalandyrylýar. Şu maksat bilen, onuň maddy-enjamlaýyn binýady häzirki zamanyň iň kämil harby tehnikalary, ýaraglary bilen yzygiderli berkidilýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýöriş hem, däp bolşy ýaly, iň täze, döwrebap harby tehnikalaryň, şeýle-de goşunlaryň ähli kysymlarynyň soňky ýyllarda artan kuwwatynyň we taýýarlygynyň görkezijisine öwrüldi.
Ýeri gelende bellesek, harby ýükleri we şahsy düzümi daşamaga niýetlenen «C-27J SPARTAN» kysymly harby-ulag uçary, «A-29 SUPER TUCANO» kysymly ýeňil zabt ediji uçary, «M-346» kysymly okuw-söweşjeň uçary ilkinji gezek dabaraly harby ýörişden geçdi. Şu ýerde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň 1-nji awgustda täze gelip gowşan «M-346» harby uçarynda synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrandygyny bellemelidiris. Bu harby uçar howa giňişligimiziň ygtybarly goragçysy bolar. Bulardan başga-da, kämil dolandyryş ulgamly, nyşany sanly ulgamyň üsti bilen yzarlap, islendik ýerde ýok etmäge ukyply bolan «BAYRAKTAR TB 2», «SKY STRIKER» söweşjeň uçarmansyz uçarlary ilkinji gezek dabaraly harby ýörişe gatnaşdy.
Umuman, Ýaragly Güýçlerimiziň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby tehnikalaryň, harby uçarlaryň we harby gäminiň ilkinji gezek dabaraly harby ýörişde görkezilmegi şanly toýumyzyň şöhratyny goşalandyrdy.
Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňsiz!
«Milli goşun».