Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde harby
we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmagynda
hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly täze
kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Aýdym-saza, şatlyk-şowhuna beslenen dabaraly maslahatda çykyş edenleriň
hemmesi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kämil paýhasy bilen ýiti zehininden
kemala gelen eseriň halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygy barada
nygtadylar.
«Atda wepa-da bar, sapa-da» atly bu
eser 8 bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölümi «Türkmenistan – rowaçlygyň
Watany» ýylyna laýyk «Ýoluň – rowaç, iliň – rowaç!» diýlip atlandyrypdyr.
Ikinji bölüm bolsa «Bedew atyň ýüwrük bolsun» diýlip atlandyrylyp, Ahalteke
bedewleriniň şöhratly taryhyndan söz açylýar. Görogly eposyndaky türkmen
bedewiniň keşbi akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinden
alnan «Owal bedew aty gerek...» diýlen jümlede has aýdyň şöhlelenýär. Kitabyň
«Asmandan inen ykbal» bölüminde öz döwrüniň meşhur seýsi Aba Annaýew bilen
bagly gürrüňler beýan edilýär. Türkmen bedewleriniň gymmaty, halkymyzyň olary
janyndan ileri görýänligi barada söz açýan bölüm «At – türkmen üçin ähli zat»
diýlip atlandyrylýar. «Tejribe hem-de kämillik» bölüminde seýisçilik sungatynyň
inçe syrlary barada söz açylsa, kitabyň soňky bölümi bolan «Toý gününde bedew
atlar çapylar» bölümi toý-baýramlaryň bezegi, ýaraşygy bolan türkmen bedewleriniň
waspynyň beýanydyr.
Dabaranyň ahyrynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Atda wepa-da bar,
sapa-da» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli geçirilýän tanyşdyrylyş
dabarasyna gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly
Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.
Dabara harby we hukuk goraýjy edaralaryň aýdym-saz toparlarynyň hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň sözlerine «Rowaç» atly aýdymyny bilelikde ýerine
ýetirmekleri bilen jemlendi.
Mahlasy, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu ajaýyp eseri biziň halkymyzyň
hemişelik syrdaşy bolan bedew atlarymyz baradaky gözýetimimizi has-da giňeltdi.
Diýmek, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu ajaýyp eseri gamyşgulak türkmen
bedewlerine bolan egsilmez söýginiň ylmy we çeper beýanydyr. Şonuň üçin hem bu
ajaýyp ylham känini peşgeş berenligi üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza
alkyşlarymyz çäksizdir.
«Milli
goşun».