19-njy
noýabrda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde açylan «Erkin» atly täze, döwrebap
seýilgäh hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda
ýaýbaňlandyrylan, Aşgabady ösdürmegiň şähergurluşyk maksatnamasynyň aýdyň
netijesidir. Täze seýilgäh Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat
şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylan ýylynda ýurdumyzyň baş
şäheriniň ilaty üçin ajaýyp sowgat boldy.
Paýtagtymyzyň
seýilgähleri we gök zolaklary ak mermerli binalar toplumynyň ajaýyp ýaşyl
jähegi bolup hyzmat edýär. Özboluşly binagärlik çözgütli «Garagum» oteliniň
ýanynda ýerleşýän täze «Erkin» seýilgähiniň, şäher ilaty üçin bolşy ýaly,
paýtagtymyzyň myhmanlary üçin hem söýgüli künjekleriň birine öwrüljekdigi
şübhesizdir.