08.03.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Taryhy wakalaryň şanyna
Taryhy wakalaryň şanyna
21.01.2021 374 Harby Durmuş

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylan üç sany taslamanyň – Akina – Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň açylyş dabarasy, Kerki – Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar – Akina we Serhetabat – Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň işe girizilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahat «Parahatçylygy pugtalandyrmak we ynanyşmagy berkitmek milli ýörelgämizdir» diýlip atlandyryldy. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, harby gullukçylarymyz, iri jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, harby aýdym-saz toparlary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynda iş saparynda bolup, döwletli-derejeli tutumlaryň birbada üçüsine – Akina – Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň açylyş dabarasyna, Kerki – Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar – Akina we Serhetabat – Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň işe girizilmegine ak pata berdi. Maslahatda şular dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Ýygnananlar hormatly Belent Serkerdebaşymyza ýurdumyzyň ösüş ýolundaky batly gadamlary hem-de halkara abraýy ugrunda bitirýän ägirt uly işleri üçin hoşallyk bildirip, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanly sepgitler we beýik işler bilen şöhratlandyryljakdygyny nygtadylar. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna biragyzdan Ýüzlenme kabul etdiler.

Has köp suratlary «Multimediýa» bölümimizde görüp bilersiňiz!

«Milli goşun».