Döwrümizde hem, Watan goragçylaryň dilewar, suhangöý, gepe
çeper bolup ýetişmekleri üçin tagallalar edilýär. Bu ugurda
medeni-köpçülikleýin çäreler guralýar, bäsleşikler geçirilýär. Şeýle çäreler
hususan-da Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň çagyryş boýunça harby
gullukçylarynyň arasynda alnyp barylýar. Watan öňündäki gulluk borçlaryny
birkemsiz ýerine ýetirýän türkmen esgerleriniň arasynda döredijilik ukyplaryny
we zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Terbiýeçilik işleri boýunça müdirliginiň esasy işleriniň hataryna girýär we bu
ugurda degişli guramalar bilen bilelikde hereket edip, oňyn netijeler
gazanylýar. Bu ýyl hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Terbiýeçilik
işleri boýunça müdirligi, «Esger» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Halkara
Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda harby
gullugy geçýän çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda «Baky Bitaraplyk –
köňül joşgunym» atly şygryýet bäsleşigini guradylar. Harby bölümlerde,
garnizonlarda tapgyrma-tapgyr geçen bäsleşigiň jemleýji tapgyry Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde geçirildi. Netijede, 1-nji
orny Harby-deňiz serkerdeliginiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Maksat
Akmyradow, 2-nji orny Aşgabat garnizonynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy Gurtgeldi Meredow, 3-nji orny bolsa Kerki garnizonynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy Batyrmuhammet Orazow we Gökdepe garnizonynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi serža Meredow, 3-nji orny bolsa Kerki garnizonynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy Batyrmuhammet Orazow we Gökdepe garnizonynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant
Mülkaman Jumaniýazow dagylar eýelediler.
Ýeňijilere we bäsleşikde tapawutlananlara Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň adyndan gymmat bahaly sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.
«Milli
goşun»