Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başlangyjy bilen
ýurdumyzda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň çäklerinde Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň söweşjeň taýýarlyk derejesini has-da
ýokarlandyrmak maksady bilen dünýä ülňülerine laýyk gelýän türgenleşik
enjamlary ulanylýar. Olaryň kömegi bilen esgerler milli goşunymyzyň
zerurlyklary üçin yzygiderli satyn alynýan iň döwrebap harby tehnikalaryny
dolandyrmagy öwrenýärler.
Tankçylary taýýarlamak üçin häzirki zaman sanly
okuw-türgenleşik ulgamlarynyň ulanylmagy netijesinde, harby gullukçylar aýratynlykda
we ekipažlaryň düzüminde türgenleşip bilýärler. Türgenleşik enjamlarynda 3D
tehnologiýasynyň ulanylmagy bilen geçirilýän okuw sapaklary esgerlere söweşjeň
ýagdaýa ýakynlaşdyrylan şertleri duýmaga mümkinçilik berýär.
Çagyryş boýunça harby gullukçylara hakyky söweşjeň
tanklary dolandyrmaga diňe sanly okuw-türgenleşik ulgamlarynda degişli okuwlary
geçenlerinden soň rugsat berilýär. Bu düzgün esgerleriň söweşjeň taýýarlygynyň
howpsuzlygyny has-da ýokarlandyrýar we olaryň okuwlary çalt özleşdirmegine
ýardam berýär.
Ähli goşun görnüşleri bilen birlikde, howa
hüjüminden goranyş goşunlarynyň şahsy düzümi üçin hem döwrebap sanly okuw-türgenleşik
enjamlarynda okuwlar geçirilýär. Sanly ulgamyň üsti bilen esgerler göçme asmana
atyjy raketa toplumlaryny dolandyrmagy öwrenýärler. Harby gullukçylar bu
toplumlary meýdan şertlerinde ulanmaga taýýarlanýarlar.
Munuň üçin tejribeli serkerdeler tarapyndan ýörite okuw sapaklary geçirilýär.
Şeýlelikde, dünýäniň iň täze innowasion tehnologiýalaryndan
peýdalanyp, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri diňe goranyş häsiýetine eýe bolan
Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär, Garaşsyz,
baky Bitarap ýurdumyzyň goranyş ukyplylygyny yzygiderli pugtalandyrýar.
«Milli goşun».