25-nji maýda
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynda ýurdumyzyň
Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby
okuwçylarynyň gatnaşmagynda okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaraly
baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu ýere Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
serkerdeleri, mugallymlar, uçurymlaryň ene-atalary ýygnandylar.
«Soňky jaň»
dabarasynyň Harby institutynda geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi
harby okuwçylar türkmen jemgyýetiniň bähbitlerini goramagy maksat edinýän milli
goşunymyzyň geljekki serkerdeleri bolup ýetişmeli.
– Berdimuhamet
Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebini tamamlaýan oglumyza
çäksiz buýsanýarys. Harby mekdepde, ol ýokary hilli bilim almak bilen bir
hatarda, ata-babalarymyzyň naýbaşy däplerinde terbiýelenip, jahyl çykdy – diýip,
uçurymlaryň biriniň ejesi ýürek buýsançlaryny paýlaşýar.
«Soňky jaňyň»
kakylmagy bilen, uçurymlar täze üstünliklere badalga aldylar. Bu gün baýramçylyk
mynasybetli tämiz ak harby lybaslaryny geýen harby okuwçylar, nesip bolsa, ýakyn günlerde harby we hukuk
goraýjy edaralarynyň ýokary okuw jaýlarynyň harby talyplary bolarlar. Munuň üçin okuw döwründe umumy orta
bilim almak bilen deňlikde, olar nyzam hem-de harby taýýarlyklarda berk
taplandylar.
Uçurym dabarasynyň foto
suratlaryny «Multimediýa» bölüminden görüp
bilersiňiz!
«Milli goşun».