Eginleri iki sary çyzyk bilen bezelen harby
gullukçylar şahsy düzümiň hatarynda känem bolmaýar. Ýaragly Güýçlerimiziň
çagyryş boýunça harby gullukçy seržantlary ýolbaşçylyk aýratynlyklary we
höwesleri bar bolan, ukyp-başarjaňlygy ýetik ýaş oglanlardan bellenilýär.
Bu harby dereje diňe bir höweslendiriji sylag
däldir, ony alana goşmaça jogapkärçilik goşulýar. Seržantlar öz gullukdaş
ýoldaşlaryndan 15-20 minut ir turup, ýolbaşçylaryň buýruklaryny, tabşyryklaryny
özlerine belläp, günüň dowamynda harby kollektiwiň hemme agzalary tarapyndan olaryň
ýerine ýetirilişini üpjün edýärler. Seržantlar diňe öz hereketlerine däl, eýsem olara berkidilen hatarçy
gullukçylaryň hereketlerine hem jogap berýändir.
– Ilkinji kiçi serkerdelik derejesi
– bu söz bilen beýan edip bolmajak bagtdyr – diýip, ýaňy-ýakynda «kiçi seržant»
harby derejesine mynasyp bolan Aşgabat garnizonyna degişli harby bölümiň çagyryş
boýunça harby gullukçysy Berdimyrat Bäşimow aýdýar.
– Maňa goşmaça jogapkärçilik ýüklenenine
doly düşünýän. Şol düşünjäm seržantyň borçlaryny ýerine ýetirip biljekdigim
baradaky ynamymy artdyrýar. Bu ynam şahsy düzümiň arasynda alnyp barylýan
işlere anyk çözgüt tapmagyma ýardam berýär.
«Milli goşun».