milli goshun logo
Serkerdäniň göreldesi – şahsy düzümiň ýörelgesi
Serkerdäniň göreldesi – şahsy düzümiň ýörelgesi
16.11.2017 1567 Harby özgertmeler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana, çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, amala aşyrylýan ägirt uly taslamalaryň we taryhy maksatnamalaryň ähmiýetini giňden wagyz etmek esasy wezipeleriň biridir.

Harby däp-dessurlarymyzy, milli gahrymanlarymyzyň we şöhratly şahsyýetlerimiziň ömür we söweş ýollaryny şahsy düzümiň arasynda wagyz-nesihat etmekde, harby gullukçylary harby-watançylyk we milli ruhda terbiýelemekde, olary watansöýüjilige, lebzi halallyga, harby borja we harby kasama wepalylyga çagyrmak, ýurdumyzyň goranyş ukybynyň we harby kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, döwlet Garaşsyzlygymyzyň berkidilmegine, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzdan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşantlaryny goşmak, şeýle hem 2017-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini taýýarlamagyň meýilnamasy esasynda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçi ofiseriň hünär taýýarlyklaryny kämilleşdirmek, öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmak we harby gullukçylar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen 2017-nji ýylyň 14–15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde «Ýylyň iň gowy terbiýeçi ofiseri» atly bäsleşigi geçirildi.

Şahsy düzümiň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, olaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda terbiýeçi ofiseriň örän uly ähmiýeti bar. Şonuň üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümlerinden iň göreldeli, ähli babatda öňdeligi eýeleýän terbiýeçi ofiserlerini saýlap-seçmek bäsleşigiň öňde goýan esasy maksady boldy.

Geçirilen bu bäsleşikde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň garnizonlarynyň batalýon we rota serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça ofiserleri gatnaşdy. Bäsleşik birnäçe tapgyrlardan ybarat bolup ökdeler öňe saýlandy we «Ýylyň iň gowy terbiýeçi ofiseri» diýlip yglan edildi. Olara Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hormat haty hem-de gymmat bahaly sowgady dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinde geçirilýän şeýle bäsleşikler bolsa, harby gullukçylaryň öz harby hünärine tutanýerli we jogapkärli çemeleşmeklerine oňyn şertleri döredýär. Adamzat jemgyýetiniň ösüş döwrüniň islendik basgançagynda terbiýe hemişe möhüm mesele bolupdyr. Ynsan terbiýesine jemgyýetçilik hadysa hökmünde garalypdyr. Islendik jemgyýetde terbiýeçilik işi ynsany önümçilik we jemgyýetçilik durmuşa taýýarlamagy maksat edinýär. Harby gullukçylaryň terbiýesiniň aýratynlygy, olary Watanyň ygtybarly goragyny üpjün etmäge taýýarlamakdyr.
Belli rus pedagogy A.Makarenko: «Ýagşy terbiýe – bu biziň bagtly garrylygymyzdyr, ýaramaz terbiýe – bu biziň geljekki gaýgy-hasratlarymyzdyr, beýleki adamlaryň we tutuş Watanymyzyň alnyndaky günämizdir» diýip belleýär. Şol nukdaýnazardan hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen Watan goragçysynyň şahsyýetini kemala getirmekde terbiýeçi serkerdeleriniň ukyp-başarnygyna, olaryň şahsy göreldesine möhüm orun degişlidir. Aýratyn-da serkerde terbiýäniň şahsy görelde görkezmek usulyny netijeli ulanyp bilse, şahsy düzümiň onuň ýörelgesine eýerjekdigi şübhesizdir. Harby gullukçylary milli ruhda terbiýelemek, olary merdana pederlerimiziň watançylyk duýgularyndan ruhlanmaga çagyrmak serkerdeleriň öňünde durýan möhüm wezipedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda harby gullukçylar bilen alnyp barylýan terbiýeçilik işleri täze derejä göterildi. Munuň üçin milli goşunymyzyň şahsy düzümi hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyş aýdýarlar. Goý, harby hünär ussatlygyny birkemsiz ele almakda biz serkerdelere görelde görkezýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!