milli goshun logo
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi
02.04.2024 315 Habarlar

Düýn – 1-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda gowaça ekişi dowam edýär. Bu möwsümi agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, awtoulaglary galla oragy möwsümine taýýarlamak babatda hem zerur işler alnyp barylýar. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär. Şeýle hem dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi tamamlanyp, häzirki wagtda ýaş mallary sagdyn ösdürip ýetişdirmek üçin degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini, şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin, sport çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.