Şu gün Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 27 ýyllygy hem-de Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde aýdym-saza, şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk konserti geçirildi. Dabara söweşjeň baýdaklaryň getirilmegi we hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Gutlagynyň okalmagy bilen açyldy. Soňra hormatly Belent Serkerdebaşymyza Watan goragçylarynyň adyndan ýüzlenme kabul edildi. Ýüzlenmede ýurdumyzyň merdana gerçeklerine şanly sene mynasybetli gutlag sözleri beýan edildi we Watan goragynyň mukaddesdigi, çäksiz bagt we borçdugy hakynda aýdyldy hem-de hormatly Prezidentimiziň esgerlerdir serkerdelere bildirýän uly ynamy barada söz açyldy, şeýle-de Watan goragçylaryna ajaýyp arzuwlar beýan edildi.
Hormatly
Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn
binýadyny berkitmäge we döwrebaplaşdyrmaga, harby hünärmenleri taýýarlamaga uly
üns berýär. Şeýle hem ata Watanymyzyň edermen goragçylarynyň göwnejaý gulluk
etmegi we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamagy üçin zerur bolan ähli şertleriň
döredilmegi ugrunda yzygiderli alada edýär. Munuň özi Watan goragçylarynda uly
ruhubelentlik döredýär.
Dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Ýaňlanan aýdym-sazlarda Watan mukaddesliginiň, asuda durmuşymyzyň, merdana gerçeklerimiziň waspy öz beýanyny tapdy. Şeýle dabaralar döwletimiziň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr.
«Milli goşun».