08.03.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy
Saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy
22.01.2021 155 Habarlar

21-nji ýanwarda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara ylmy-okuw merkezinde saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy öz işine başlady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän forum türkmen we nemes kärdeşleriniň arasyndaky üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de enjamlary ornaşdyrmaga, ylmy işgärleri hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Bu teleköpri Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasynyň tanymal alym-professorlaryny hem-de ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň we ylmy-kliniki merkezleriniň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, şonuň ýaly-da saglygy goraýyş ulgamynyň welaýatlardaky hem-de paýtagtymyzdaky düzümleriniň ýolbaşçylaryny we wekillerini birleşdirdi.