Sagdyn durmuş
ýörelgelerini we halkymyzyň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
hökmünde yglan eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işiniň
juda köpdügine garamazdan boş wagtlarynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine
ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty bilen
meşgullanmak bilen watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýär.
Dynç güni irden milli Liderimiz
adaty endigine eýerip, agtygy Kerim bilen welosipedli menzil aşdy we bedewler
bilen didarlaşdy.
Döwlet Baştutanymyz agtygy Kerim
bilen ady rowaýata öwrülen ajaýyp bedewiň hormatyna dikeldilen «Ýanardag»
binasynyň deňinden geçip barýan pursatlarynda Ýanardag we “behişdi türkmen
bedewlerimiziň” dünýä ýüzündäki at-abraýy, şöhraty barada gürrüň berdi.
Milli Liderimiz agtygy Kerim bilen
welosipedde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip,
agtygy bilen «Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen pähime eýerip,
bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow Toýly atly bedewe, Kerim bolsa Şapolat atly bedewe
atlandy. Bedewli ýörişiň dowamynda milli Liderimiz türkmen atlary, olaryň
taryhy we özboluşly gylyk-häsiýetleri barada agtygyna giňişleýin gürrüň berdi.