Ynsan saglygyny berkitmek adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Şu günler Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi hem zähmet dynç alşynda bolýar. Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary dynç alyşlaryny işjeň we saglyk üçin peýdaly geçirmäge çalyşýarlar. Olar dürli sport oýunlaryny we çärelerini guraýarlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlara gatnaşýarlar.
Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan “Saglyk” döwlet maksatnamasynda ilaty ýokary hilli lukmançylyk hyzmaty bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, häzirki zaman öňüni alyş çäreleri möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Ähli ulgamlarda we pudaklarda, şol sanda saglygy goraýyşda giňden ulanylýan sanly tehnologiýalar onuň üçin täze mümkinçilikleri açýar. Elbetde, şunda bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga aýratyn orun degişlidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň netijesinde, häzir Türkmenistanda göwnejaý derejede dynç almak we zähmet rugsadyny peýdaly geçirmek, netijede, mähriban topragymyzyň melhem güýjünden kuwwatlanyp, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine mundan beýläk-de döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertler döredildi.