Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby
bölümlerinde, şeýle hem taryhy ýadygärlikleriň ýerleşýän ýerlerinde milli
goşunymyzyň hatarynda iki ýyl gulluk edip, ätiýaja goýberilýän esgerleri gutlamak
üçin dabaraly ýagdaýda çäreler geçirildi.
Mukaddes öý-ojaklaryna dolanýan harby gullukçylar harby gullukdan galan täsirli duýgularyny biziň bilen paýlaşyp, goşunda gazanan möhüm tejribeleri barada aýdyp berdiler.
Harby-howa güýçleriniň çagyryş boýunça
harby gullukçysy, seržant Muhiddin Kalandarow:
– Men harby gulluga gelmezden öň, «Awiatehnik» hünäri boýunça ýokary bilimi aldym. Okuw döwri men iş tejribämiň ýokdugy barada köp pikir edýärdim. Harby gullukda men bu ýetmezçiligimiň üstüni aňryýany bilen doldurdym, şonuň üçin hem öz serkerdelerime sagbolsun aýdasym gelýär. Olar maňa beden, ruhy we hünär taýdan kämilleşmäge kömek etdiler.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Territorial
goranyş goşunlary müdirliginiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant
Rahat Aşyrmämmedow:
– Söweşjeň taýýarlyk bilen bir hatarda biziň öňümizde iri senagat desgalaryny goramak boýunça örän jogapkärli wezipe durýardy. Bu desgalaryň goragynda durup, men ýurdumyz ykdysady ulgamynda ägirt uly üstünlikleri gazananlygyny öz gözüm bilen gördüm. Bu tejribe meniň geljekde näme hünäri saýlap almalydygym hakynda gutarnykly pikire gelmegime kömek etdi. Ýagny, öýe dolanyp, ilki bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna girmek üçin resminamalary taýýarlap başlaryn.
Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň çagyryş boýunça harby
gullukçysy, seržant Orazmyrat Akgabaýew:
– Aýratyn hormat garawul batalýony – bu biziň Ýaragly Güýçlerimiziň ýüzi. Bu ýerde gulluk etmek – belent mertebe. Gulluk eden döwrüm ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny gazanan gününe bagyşlanyp geçirilýän dabaraly harby ýörişe, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň we daşary ýurtlaryň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda geçirilýän dürli dabaraly çärelere gatnaşdym. Men öz serkerdelerime çydamlylygy, mertligi, dogumlylygy gazanmaga ýardam berendikleri üçin minnetdardyryn!
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Baş raýat goranyş we halas ediş müdirliginiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, hatarçy
Arazdurdy Öwezow:
– Çagalykdan meni halasgärleriň başarnygy haýran galdyrýardy. Harby gullukda gorky ýa-da özüňe ynamsyzlyk ýaly duýgulary doly ýatdan çykardym. Şondan soň halas ediji hünäri bilen hakykatdan hem durmuşymy baglasym geldi. Şonuň üçin men eýýämden gulluga dolanmaga taýýarlyk görýän. Ýöne indi çagyryş boýunça däl-de, borçnama boýunça...
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Tankçylyk goşunlarynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant Maksat Akyýew:
– Men öz mehanik hünärimi kämilleşdirmek üçin Tankçylyk goşunlaryna düzümine goşulasym gelýärdi. Harby bölümimiziň serkerdeleri meni tankyň serkerdesi wezipesine bellediler. Bu wezipe boýunça okuwlary üstünlikli geçip, kiçi seržant harby adyna eýe boldum we öz ekipažymy dolandyryp başladym. Çagyryş boýunça harby gulluk maňa ýolbaşçylyk häsiýetimi güýçlendirmäge kömek etdi, adamlary dogry tanamagy we kynçylykly ýagdaýlardan baş alyp çykmagy öwretdi.
Türkmenistanyň Harby-deňiz
güýçleriniň çagyryş boýunça harby gullukçysy, seržant Azat Myradow:
– Harby-deňiz güýçleriniň gullugy aýratyn özboluşlylygy özünde jemleýär. Matroslar gullugyň köp bölegini suwda geçirip, gury ýere seýrek bolýarlar. Bu hem örän üýtgeşik tejribe. Söweşjeň taýýarlyk bilen bir hatarda biziň öňümizde gämimiziň sazlaşykly işini berjaý etmek wezipesi hem durýardy. Çagyryş boýunça harby gulluk maňa her bir işde jogapkärçilik duýmagy öwretdi. Sebäbi gämimiziň gurat bolmagy tehniki taýdan ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Munuň üsti bilen harby gullukda tehniki babatda baý tejribeleriň eýesi bolduk.
«Türkmen edermen» ýörite maksatly
toparynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, seržant Guwanç Toýçyýew:
– Beýleki esgerler bilen deňeşdireniňde
ýörite maksatly toparlaryň beden we söweşjeň taýýarlyklarynyň çylşyrymlylygy mese-mälim
duýulýar. Biz aýratyn özboluşly ýagdaýlarda hereket etmegi öwrenýäris, şonuň
üçin hem özboluşly taktikalary, tehnikalary we ýaraglary özleşdirýäris. Biziň
gullugymyz aňsat däl, emma örän gyzykly. Men öz serkerdelerime bizden hakyky
edermen ýigitleri kemala getirendigi üçin köp sagbolsun aýdýaryn!
«Milli goşun».