Watan
mukaddesligi hakynda söz gozgalanda islendik adamyň kalby, durky-düýrmegi
mähir-muhabbete beslenýär. Watan hakyndaky gozgalýan gürrüňler hem, Watanyň
taryhy-da, şu güni-de, geljegi-de bizi biparh goýmaýar. Onuň ösüş-özgerişleri,
şany-şöhraty biziň üçin uly mertebedir, çäksiz buýsançdyr.
Watan – ylham
çeşmesidir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ylhamyna eýlenen eserleri okamak
bilen biz Watan mukaddesliginiň gymmatyna has-da aýdyň göz ýetirýäris. Milli
Liderimiziň döredijilik ussatlygyny özümize nusgalyk hasaplaýarys. Hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitaby bize ýurt
goragçylarynyň edermenligi, batyrgaýlygy bilen bir hatarda zehinli,
pähim-paýhasly, üşükli bolmalydygyny ündeýär.
Bu kitapda
Watan mertebesini beýgelden edermen we merdana gerçekleriň buýsançly ykballary
hakyndaky buýsançly gürrüňler bilen bir hatarda olaryň ylham döredijilikleri
dogrusynda-da gyzykly gürrüňler edilýär. Watanyň goragyny amala aşyrmakda
ynamly ogullaryň bitiren hyzmatlary babatynda-da örän gyzykly taryhy
maglumatlar bar.
Hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ymgyr manyly kitaplary
ýurdumyzyň harby gullukçylarynda aýratyn uly buýsanç döredip, olaryň
döredijilik dünýäsine has içgin aralaşmagyna badalga bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
şanly 28 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan
eden «Türkmeniň Altyn Asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemi
jemlenende Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylarynyň şol
bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan edilmegi-de munuň aýdyň subutnamasydyr. Şa
serpaýyny alan harby gullukçylardan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Terbiýeçilik işleri boýunça müdirliginiň orunbasary, maýor Muhammet Babaýewiň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli»
harby orkestriniň ýolbaşçysy, polkownik
Azamat Awliýakulyýewiň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli
goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň jogapkär kätibi, kapitan Döwran Berdiýewiň atlaryny buýsanç bilen agzamak
bolar. Munuň özi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Goranmak ministrliginiň
düzüminde harby gullugyny alyp barýan harby gullukçylaryň zähmetini birjik-de
gözden salman, olaryň işine mynasyp jogap berýändiginiň hakykat ýüzünde
güwänamasydyr.
Hormatly
Belent Serkerdebaşymyz her bir işe döredijilikli çemeleşmek babatynda harby
gullukçylara ajaýyp nusgadyr. Sebäbi Watan biziň başymyzyň täjidir. Hormatly
Belent Serkerdebaşymyz ençeme çeper, ylmy, ylmy-populýar we publisistik
häsiýetli eserleriň awtory. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döredýän eserleri
jan Watanymyza bolan söýgimizi artdyrýar. Watanymyzyň şan-şöhratyny beýgeldýän,
halkymyzy baky bagta ýetiren, döredijilikli çemeleşmeler babatynda şahsy nusga
görkezip, görelde bolýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belent başy
aman, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip
bilersiňiz!
«Milli goşun».