30-njy aprelde Oba hojalyk we daşky
gurşawy goramak ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk arkaly Russiýanyň
«TRANSOÝL — Terminal» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirildi. Türkmen
tarapyndan onlaýn duşuşygyna ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Russiýanyň işewürliginiň
wekilleri türkmen kärdeşlerini demir ýol, awtomobil we suw ulaglaryndan ösümlik
ýaglaryny kabul etmek hem-de ugratmak, şolary saklamak üçin ýöriteleşdirilen
terminala eýe bolan kompaniýanyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Bu
terminal Narimanow şäheriniň golaýynda, Wolga derýasynyň sag kenarynda
ýerleşýär.