Ýörite
Moskwa – Aşgabat uçuş gatnawyna degişli uçar Aşgabadyň aeroportyna gelip gondy.
Bu uçarda Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrliginiň wekiliýeti Türkmenistana
Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän dabaraly harby ýörişe
gatnaşmak üçin geldiler. Olaryň ygtyýarynda howa menzilinde ýygnanyşan
žurnalistlerde hakyky gyzyklanma döretjek örän möhüm «miras» bar – Söweşjeň
baýdak.
Myhmanlary
adatça bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Aýratyn hormat garawuly
batalýonynyň esgerleriniň hatary garşylady. Olaryň biriniň elinde Beýik
Watançylyk urşy döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy Berdimuhamet
Annaýewiň gulluk eden 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy bar.
Hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 748-nji
atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagynyň biziň ýurdumyza getirilmegi – hormatyň we
dostlugyň nyşany. Şonuň üçin-de, dabaraly Ýeňiş ýörişiniň Aşgabatda geçirilmegini
türkmen – rus ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze tapgyry diýip
atlandyryp bolar.
Olar baýdagy belent parladyp, Beýik Watançylyk urşunyň 75 ýyllygy mynasybetli harby ýörişiň geçiriljek ýerine – «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna tarap ugur aldylar.
Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!
«Milli goşun».