«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan
edilen 2019-njy ýyl Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň iň täze taryhy
üçin, hakykatdan-da, turuwbaşdan rowaçlyga beslenen ýyl boldy. Bu ýylda
ýurdumyz sanly ykdysadyýete, sanly bilim ulgamyna geçmek babatynda aýgytly
ädimlerini ädýär. Biziň «Milli goşun» žurnalymyzam hem-ä öz sahypalarynda, hem-de adybir web-saýtynyň sahypalarynda ýurdumyzyň
ösüşlerinden, Watan goragçylarynyň ykbalyndan, gündelik durmuşyndan söhbet
açýan habarlary, makalalary özüniň okyjylary bilen yzygiderli paýlaşyp dur.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzy ýörelge, Bitaraplygymyzy görelde edinip, öňe barýan,
milli merdanalaryň durmuşyna degişli iň derwaýys maglumatlary öz okyjylaryna
hödürleýän «Milli goşun» žurnalymyzyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Žurnalymyzyň bu sany hem çeper, syýasy we
harby-taryhy makalalara baý boldy. Olardan, 2019-njy ýylyň 27-nji
ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilen
dabaralary, sylag-serpaýlara mynasyp bolan harby gullukçylaryň ýürek
buýsançlaryny beýan edýän, Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp zenan harby
gullukçylaryň arasyndaky bäsleşikden söz açýan, Türkmenistanyň diplomatik
işgärleriniň gününe bagyşlanan makalalar bellärliklidir.
Bulardan başga-da, žurnalymyzdaky makalalarda
ynsanlygyň mähek daşy bolan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň
alyp barýan işlerinden, türkmeniň milli oýny bolan çilik oýnunyň harby
häsiýetlerinden, sanly ykdysadyýet we sanly bilim ulgamlarynyň Konsepsiýalarynyň
öňde goýýan maksatlaryndan we halkymyzyň mergenlik sungatyndan söz açylýar.
«Milli goşun» žurnalynyň bu sanynda heýkele
öwrülen harby sungat, milliligiň ýaşlaryň durmuşyndaky orny, şeýle-de
harby-taryha ýanalan ylmy we taryhy makalalara hem orun berildi. Žurnalyň soňky
böleklerine zehiniňi barlamak üçin IQ-testi, reňkleriň psihologiýasy we skanword
ýerleşdirildi.
Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnalymyzdaky
maglumatlaryň ählisi-de, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň terbiýeçilik
we söweşjeň taýýarlyk babatyndaky dünýägaraýyşlaryna oňyn täsir etjekdigine bil
baglaýarys.
Döredilýän ähli mümkinçilikleriň sakasynda duran
hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň
aman bolmagyny arzuw edýäris!
«Milli goşun».