milli goshun logo
Rowaçlygyň Watanynda Täze ýyl
Rowaçlygyň Watanynda Täze ýyl
27.12.2018 1730 Habarlar | Harby özgertmeler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda okamaga, işlemäge, bagtly ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilen. Şu jähetden, bu ýetip gelen Täze ýyl, Watanymyzy gözüniň göreji deý gorap ýören harby gullukçylaryň, olaryň maşgalalarynyň kalplaryna özboluşly öwüşgin çaýdy. Kalplara, ýüreklere şeýle öwüşgin çaýýan baýramçylyk dabaralarynyň biri-de, şu gün geçirilen Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Watan goragçylarynyň maşgala agzalary we çagalary üçin aýdym-sazly baýramçylyk dabarasydyr. Gyzgalaňly dowam eden dabarada Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň harby gullukçylarynyň aýdym-sazly, tansly çykyşlaryna, dürli gülküli degişme oýunlaryna ýer berildi. Şatlyk-şowhuna beslenen dabara oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Edil şonuň ýaly çäreleriň birnäçesi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabat şäherindäki, welaýatlardaky, etraplardaky harby birikmeleriniň, harby bölümleriniň medeniýet öýlerinde yzygiderli geçirilip dur. Watan goragçylaryna Täze ýyl baýramyny ýokary derejede geçirmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

«Milli goşun».