«Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligine «A330-200» kysymly «P2F» görnüşli iki sany ulanylan ýük howa gämisini satyn almak barada Fransiýa Respublikasynyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.