Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bilim we terbiýe bermek işlerini
guramak ylmy esasda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Belent
Serkerdebaşymyz okuwçylarynyň sany 300-den geçýän orta mekdeplerde psiholog
mugallymynyň wezipesini girizmek başlangyjyny öňe sürdi.
Psiholog
mugallym – örän jogapkärli wezipe. Ol mekdeplerde okaýan çagalaryň beden hem emosional taýdan rahat
bolmagyny üpjün etmeli. Psihologlar harby okuwçylaryň geljekki Watan
goragçylary bolup ýetişmeklerinde hem möhüm ähmiýetlidir.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde harby psiholog
wezipesi bar. Olar harby okuwçylaryň has gowy bilim almagy üçin zerur şertleri
döredýärler. Psihologlar okuwçylary jebisleşdirmäge, olaryň özara düşünişmegini
gazanmaga, harby okuwçylarda watançylyk duýgusyny we borjuna wepalylygy ösdürmäge
ýardam edýärler.
25-nji maýda Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Harby institutynda nobatdaky okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan
dabaralar geçirildi. Olara Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň psiholog mugallymlary
hem gatnaşdylar. Olaryň alyp barýan işleri milli goşunymyzyň geljekki
serkerdelerini taýýarlamak üçin gymmatly goşantdyr.
«Milli goşun».