15-nji
iýunda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda bu ýurda resmi sapar bilen gelen
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goňşy döwletiň ýolbaşçy
düzümleri bilen ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi. Olaryň gün tertibine
tagallalary birleşdirmegiň täze mümkinçiliklerini açýan döwletara
hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, sebitara we halkara syýasatyň möhüm meseleleri
girizildi.
Häzirki
döwürde ýakyn goňşy ýurt bilen hyzmatdaşlyk diňe bir özara bähbitli esasda däl,
eýsem, tutuş sebitde abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine netijeli ösdürilýär.
Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda
geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
işjeňleşdirilmegine güýçli itergi bolup, bilelikdäki işleriň netijeleri boýunça
toplanan tejribeleri, bar bolan serişde hem-de ykdysady mümkinçilikleri nazara
alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan
çemeleşmeleri kesgitlemekde oňyn şertleri üpjün etdi.