Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik
Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen
sylaglamak hakynda
1941— 1945-nji
ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, urşa gatnaşyjylaryň
ýanýoldaşlarynyň hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlaryň
görkezen deňsiz-taýsyz edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi
watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň
agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda
amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny
göz öňünde tutup, şeýle hem 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda
gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli karar edýärin:
1) Beýik
Watançylyk urşunyň weteranlaryny, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryny hem-de
uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik
Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen
sylaglamaly.
2)
«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna»
ýubileý medalyny gowşurmagyň Tertibini tassyklamaly.
Sylaglanylanlaryň
sanawy aýratyn kitap görnüşinde çykarylar.
Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik
Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen
sylaglamak hakynda
1941—1945-nji
ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 75 ýyllygy mynasybetli
uruş weteranlarynyň, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň hem-de uruş
ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlaryň görkezen deňsiz-taýsyz edermenligini
hem-de beýik Ýeňşi hormatlamak we dabaralandyrmak maksady bilen, şeýle hem
2018-nji ýylyň 28-nji sentýabryndaky Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň Teswirnama çözgüdini göz öňünde tutup, karar edýärin:
Şulary
tassyklamaly (goşulýar):
1)
«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Yeňşiň 75 ýyllygyna»
ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Düzgünnamany;
2)
«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna»
ýubileý medalyny gowşurmak hakynda Gollanmany;
3)
«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Yeňşiň 75 ýyllygyna»
ýubileý medalynyň şahadatnamasynyň nusgasyny.
Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW