15-nji iýunda
Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki giň meýdançada Harby
akademiýanyň şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw
jaýlarynyň uçurymlaryna okuwy üstünlikli tamamlanlygy barada diplomlaryň we
döşe dakylýan nyşanlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Däp bolşy ýaly,
dabaranyň başy uçurymlaryň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen
mekdebinde ýerleşýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy
Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline we «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül
goýmak dabarasy bilen başlandy.
Ömründe
birinji gezek serkerdäniň dabara lybasyny geýip gören uçurymlar resmi ýagdaýda,
eginleri leýtenant harby derejesini dakyp köpçülige çykdylar.
Türkmenistanyň
döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlanan dabara hormatly Belent
Serkerdebaşymyzyň Gutlagynyň okalmagy bilen dowam etdi. Gutlagda «Siz geljekde
hem Watanymyzyň we dünýäniň taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň, türkmen
halkynyň beýik ogullarynyň gahrymançylykly ýollaryny, söweş tärlerini we harby
sungatyny mynasyp dowam etdirmelisiňiz» diýilýär. Çünki, indi ýaş serkerdelere Ýaragly
Güýçlerimiziň we beýleki goşun görnüşleriniň hatarynda ajaýyp zähmet ýoly
garaşýar.
Serkerdelik
ýoluna gadam goýjak uçurymlar diplomlaryny we döşe dakylýan nyşanlaryny kabul
edip, mähriban Watanymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza wepaly gulluk
etjekdikleri barada kasam etdiler. Geçirilen bu çäre Alp-Arslan adyndaky döwlet
teatrynyň sungat ussatlarynyň çykyşy we aýdymdyr sazlar bilen utgaşyp gitdi.
Dabara Harby
akademiýanyň we harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw jaýlarynyň
uçurymlary tarapyndan ýerine ýetirilen Türkmenistanyň Milli kasamyny, şeýle-de münberiň
öňünden geçilen dabaraly ýöriş bilen tamamlandy.
Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!
«Milli goşun».