Taryhy asyrlaryň jümmüşine
uzap gidýän halkymyz gamyşgulak, owadan, gyz gylykly ýyndam bedewleri bilen
ähli döwürlerde hem meşhurlyk gazanypdyr. Ynsan ýaly syzgyr jandary halkymyz
geçmişden şu güne çenli özüne ýakyn dost, syrdaş, duýgudaş saýyp gelýär. Bu
bolsa atyň adama mahsus gylyk-häsiýetleriň birnäçesini özünde jemleýändigini
tassyklaýar.
Şol nukdaýnazardan Türkmenistanyň
Goranmak ministrligi tarapyndan bedew bilen ynsanyň dostlugyndan, harby
durmuşdan, erjellikden, üstünlikden, bagtdan, söýgüden, wepadarlykdan söz açýan
«Öňe, Guşganatym öňe!» atly täze kinofilmi taýýarlanyldy. Kinofilme dolulygyna
web-saýtymyzyň «Multimediýa» bölüminden hem-de şu gün 19:47-de «Altyn asyr:
Türkmenistan» teleýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz!
«Milli goşun».