milli goshun logo
Oňaýly şäher gurşawyny döretmek ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky aladadyr
Oňaýly şäher gurşawyny döretmek ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky aladadyr
16.09.2021 563 Habarlar

15-nji sentýabrda paýtagtymyzda döwrebap seýilgähiň hem-de ýerasty geçelgeleriň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Aşgabady häzirki zaman derejesinde ösdürmegiň esasynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde amala aşyrylan bu taslama ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk senesi mynasybetli halkymyza ajaýyp toý sowgady boldy.

Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda ýerleşýän döwrebap seýilgähiň hem-de Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesinde gurlan ýerasty geçelgeleriň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen ajaýyp paýtagtymyzyň şähergurluşyk keşbiniň owadan desgalarynyň hatary artdy.