milli goshun logo
Olar bagtly geljek üçin göreşdiler
Olar bagtly geljek üçin göreşdiler
06.05.2020 1424 Harby özgertmeler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Permanyna laýyklykda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna ýubileý medallaryny we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabaralary ýurdumyzyň Lebap welaýatynda hem geçirildi. Köp garaşylan Ýeňşiň gazanylmagynda türkmen halkynyň, aýratyn-da, lebaply gerçekleriň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tyl zähmetkeşleriniň goşandy örän uly.

Uruş ýyllarynda front bilen tyl bir göwrä öwrüldi. Şol wagtky Çärjew oblastynyň halky Goranmak fonduna uly goşant goşdular. «Biz käwagtlar öýümiziň, maşgalamyzyň bardygyny hem ýatdan çykarardyk, sebäbi iş kyndy we jogapkärlidi. Bäş ýylyň dowamynda dynç almany, dynç gününiň bardygyny, zähmet rugsadyny bilmedik» diýip, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken lebaply weteranlaryň biri gürrüň berýär.

Ondan bäri 75 ýyl geçdi. Bu gün türkmen halkynyň üstünden täze Gün – bagtyýarlyk Kuýaşy şöhle saçýar. Döwletimiz uruş we tyl weteranlarynyň hormatyny belentde saklaýar. Özleri üçin edilýän aladalar bolsa, olaryň ömrüne-ömür goşýar.

Çäräniň suratlaryny «Multimediýa» bölümimizden görüp bilersiňiz.

«Milli goşun».