19.09.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Okuw-usulyýet sergisi guraldy
Okuw-usulyýet sergisi guraldy
27.01.2020 400 Harby Durmuş

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda şanly sene – Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby ulgamda gazanylan üstünlikleri we ýetilen belent sepgitleri beýan edýän okuw-usulyýet sergisi guraldy.

Sergide institutyň harby talyplary özleriniň taýýarlan işlerini görkezdiler. Olaryň watançylyk temasynda çeken suratlary, taýýarlan çyzgy – meýilnamalary we Ýaragly Güýçlerimiziň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten belent derejelerini beýan edýän eserleri sergä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Okuw-usulyýet sergisiniň dowamynda çykyşlara-da orun berildi. Çykyş eden harby gullukçylar Türkmenistanyň asuda, parahat ýurt hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýändigini, halkymyzyň eşretli, abadan durmuşda ýaşaýandygyny buýsançly nygtadylar hem-de mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden, wepaly gulluk etjeklerine dabaraly kasam etdiler.

«Milli goşun».