milli goshun logo
Okuw sapagy geçirildi
Okuw sapagy geçirildi
13.01.2022 1960 Okuw kurslary

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň guramagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri bilen okuw sapagy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet gullukçylarynyň hünärini kämilleşdirmek, olary gaýtadan taýýarlamak we ýokary bilimden soň çuňlaşdyrylan bilim bermek boýunça ähmiýetli çäreler durmuşa geçirilýär.

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileriniň ýurdumyzda raýat goranyşy we halas ediş işleri babatdaky alnyp barylýan işler bilen tanyşmaklary, meýilnamalaýyn işleri öz wagtynda ýerine ýetirmekde toplanan tejribeleri amaly taýdan öwrenmekleri döwlet gullukçylarynyň ýolbaşçylyk işlerine ukyp-başarnyklarynyň artmagynda we tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýedir.

«Raýat goranyşy».