Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda ýerleşýän Medeniýet köşginde Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Harby gullukçylaryň gatnaşmaklarynda geçirilen bu çärede çykyş edenler, täze kitabyň ýetip gelýän Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli halkymyza berlen ajaýyp sowgatdygyny nygtap geçdiler. Türkmenistanyň taryhda dünýäniň merkezinde orun alandygy baradaky anyk maglumatlary özünde jemleýän bu kitap nesiller üçin taryhy gollanma hökmünde hyzmat eder.
Dabaranyň dowamynda bagtyýar ýurdumyz, alnyp barylýan ajaýyp işler barada ýerine ýetirilen aýdymlar gatnaşyjylaryň ruhlaryny göterdi.