Hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine
we beýleki goşunlaryna 2019-njy ýylyň güýzki çagyryş möwsümi resmi taýdan
üstünlikli tamamlandy. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň «Harby
borçlulyk we harby gulluk hakynda» Kanunyna laýyklykda bu möwsümiň dowamynda
çagyryş boýunça iki ýyl harby gullugyny geçen harby gullukçylar hem ätiýaçlyga
goýberildi.
Çagyryş möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Harby gulluga degişli raýatlaryň lukmançylyk barlaglary halkara hil standartlaryna laýyk gelýän sanly enjamlaryň kömegi bilen amala aşyryldy. Netijeliligi ýokarlandyrmak maksady bilen harby wekillikleriň harby gullukçylary we işgärleri tarapyndan öňdebaryjy maglumat tehnologiýalary ulanyldy.
«Milli goşun».