Aşgabadyň demirgazyk-günbatar böleginde gurulýan 16-njy tapgyryň ýaşaýyş toplumynyň çäginde, ýerasty kommunikasiýalar çekilen mahalynda, gurluşykçylar gadymy oturymly ýeriň yzlaryny ýüze çykardylar.
2 metrden gowrak çuňlukda ekskawatoryň susagy tötänden ägirt uly keramiki gaba degdi. Ol beýikligi 1 metre golaý bolan hum bolup çykdy. Işler şol bada bes edildi hem-de bellenen kadalara laýyklykda, tapyndy baradaky maglumat Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirlige gelip gowuşdy.
Bu ýere gelen arheologlaryň topary gazylan ýeri öwrendi we şol ýere ýanaşyk meýdanda gazuw-agtaryş işlerini amala aşyrdy. Şonuň netijesinde oňat saklanyp galan humlaryň ýene-de ikisi ýüze çykaryldy. Olaryň ählisi köp asyrlar mundan ozal şu ýerde bar bolan binanyň otaglarynyň birinde ýerleşýärdi.
Hünärmenler aňsatlyk bilen tapyndylaryň takmynan ýaşyny hem-de medeni degişliligini kesgitlediler. Olar däne ýa-da suwulygy saklamak üçin niýetlenen parfiýa humlary bolup çykdy: gaplaryň içki diwarlaryndaky çökündileriň himiki seljermesi önümleriň ýerine ýetiren wezipesini anyklamaga ýardam eder.