Watan –
türkmende mukaddeslik hasaplanýan zatlaryň naýbaşysy. Bu mukaddesligiň
goragynda, hyzmatynda durmak bolsa biziň her birimiz üçin parzdyr. Ine, şol
parzy täk başyna däl, bir maşgaladan birbada üç bolup mynasyp ýerine ýetirýän
ynsanlaryň bardygynyň özi hem buýsandyryjy ýagdaý. Çünki Gahryman Arkadagymyz
hem «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Watan öý-ojakdan,
maşgaladan başlanýar» diýip belläp geçýär.
Ýürekleri
«Watan» diýip urýan üç ynsany bir maşgala jem eden ykbally – üçemler
Bagtyýarowlar şol asylly ýörelgäni mynasyp dowam etdirýärler. Sapar, Myrat,
Serdar atly bu üçemler häzirki wagtda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
aýratyn Hormat garawuly batalýonynda çagyryş boýunça harby gulluklaryny dowam
etdirmek bilen, Watanymyzyň goraglylygynyň pugtalandyrylmagyna özleriniň
önjeýli goşantlaryny goşýarlar.
Hormat
garawuly batalýonynyň şahsy düzüminde eýýäm köpler tarapyndan tanalýan, çagyryş
boýunça harby gullugyny üstünlikli, göreldeli alyp barýan üçemler –
Bagtyýarowlar batalýonyna mahsus hereketleri bilen owadan, görnükli sazlaşygy
bilen tapawutlanýarlar. Hormat garawuly tarapyndan daşary ýurtdan gelýän resmi
wekilleriň garşylanyşynda bu üçemler öň hatarda goýlup, özleriniň meňzeşligi,
deňhereketliligi bilen görenleri haýrana goýýarlar. Dabaraly harby ýörişlerde,
Hormat garawuly tarapyndan taýýarlanýan ýörite şou-çykyşlarda özleriniň
ussatlyklary, ýaraga erk edişleri, nyzam emelleriniň sazlaşyklylygy, iň esasysy
hem meňzeşligi bilen öňe çykýan üçemler – Bagtyýarowlar häzirki wagtda
batalýonyň iň göreldeli esgerleriniň düzüminde ýer alýarlar. Ýaňy-ýakynda,
Garaşsyzlygymyzyň şanly 27 ýyllyk baýramçylyk dabarasynyň harby ýörişinde
hem, bu üçemler Baş münberiň öňünden ýaşyl baýdagymyzy göterip, buýsançly
başlaryny belent tutup geçdiler. Ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgeleri
nazarlasaň, baýdak götermek wezipesi iň bir edermen, gaýduwsyz, batyr ýigitlere
ynanylypdyr. Bu bolsa üçemleriň bir jan-u-bir ten bolup, Watan öňündäki gulluk
borçlaryny abraýly, göreldeli alyp barýandygynyň kesgitli güwäsidir.
«Milli goşun».