21-nji
ýanwarda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň
halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary», «Merkezi Aziýanyň döwlet
Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» hem-de «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň
15-nji sammiti» atly syýasy kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli ylmy-amaly
maslahat geçirildi. Bu kitaplarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda döredijilikli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistanyň saýlan netijeli daşary syýasat ugry aýdyň
şöhlelendirilýär.
Forumyň
dowamynda medeni diplomatiýa – ählumumy parahatçylygyň kepili, Bitarap
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty,
onuň sebit we halkara hyzmatdaşlyga, Merkezi Aziýada ýakynlaşmak işine goşan
düýpli goşandy ýaly mowzuklara bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Milli
Liderimiziň eserleriniň hem-de taryhy çykyşlarynyň ýaşlar üçin terbiýeçilik
ähmiýetine aýratyn üns berildi.