milli goshun logo
Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen
Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen
07.07.2020 1153 Habarlar

6-njy iýulda Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarym ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň esasy ugurlary, hususan-da, milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda öňe süren Hazaryň täze ekologiýa maksatnamasyny ilerletmek maslahatyň gün tertibiniň möhüm bölümleriniň biri boldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň genetiki serişdelere elýeterliligi düzgünleşdirmegiň Nagoý teswirnamasyna goşulyşmagy bilen baglanyşykly hem-de olaryň adalatly we deňhukukly esasda Birleşen Milletler Guramasynyň biologiýa köpdürlilik hakyndaky Konwensiýa laýyklykda olaryň ulanylmagyndan görülýän bähbitleriň bilelikde peýdalanylmagy baradaky meselelere garaldy.