milli goshun logo
«Milli goşunyň» täze sany çapdan çykdy
«Milli goşunyň» täze sany çapdan çykdy
03.04.2020 1056 Habarlar

Ine, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň her üç aýdan bir gezek neşir edilýän «Milli goşun» žurnalynyň nobatdaky altmyş birinji sany çapdan çykdy. Žurnalymyzyň täze sanynda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini şöhlelendirýän makalalar, Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlaryndaky harby gulluk, «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynda wideoýazgylaryň taýýarlanylyşy hakda maglumatlar, ata Watanyny söýen taýmylçy Oraz Taganow baradaky ýatlamalar, ak ýektaýly 38 ýyl zähmet çeken lukmançylyk gullugynyň ätiýaçdaky polkownigi Ymamberdi Illiýew bilen söhbetdeşlik ýerleşdirildi. Žurnalymyzdaky tehnologiýa dünýäsine degişli maglumatlar, peýdaly maslahatlar, zehin synaglary, «çaý başynyň güýmenjesi» hasaplanýan skanworddyr krosswordlar diňe bir harby gullukçylar däl, ähli okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir.

Žurnalyň ilkinji sany 2005-nji ýylyň başynda, mundan 15 ýyl ozal okyjylaryna gowşupdy. Diýmek, «Milli goşun» 15 ýaşyny garşylaýar. Geçen ýyllaryň dowamynda söýgüli neşirimiz kämil tejribe toplady, täzeçilligiň gözleginde boldy. Şeýle bolansoň, onuň okyjylary-da ýylba-ýyl artdy. Ilkinji san 4 müňden gowrak tiraž bilen çykan bolsa, bu görkeziji žurnalyň soňky altmyş birinji sanynda 60 müňe golaýlady.

Žurnalymyzyň okyjylary köpeldigi saýy, biz hem her bir täze sanymyzda ýurdumyzda alnyp barylýan harby özgertmeleri, Ýaragly Güýçlerimiziň ýeten we ýetýän sepgitlerini, ata Watanymyzyň merdana goragçylarynyň alyp barýan işlerini wasp edýän gyzykly makalalary çap etmegi özümize hem borç, hem wezipe edip goýýarys.

Gadamyň birjik-de gowşamasyn, žurnalym! 15 ýaşyň mübärek bolsun, «Milli goşun!»

«Milli goşun».