Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde gulluk edýän
esgerler birnäçe goşmaça amatly mümkinçiliklerden peýdalanýarlar. Awtomobil sürmäni öwrenmek üçin tölegsiz
kurslara gatnamak hem-de sürüji wezipesine bellenmek mümkinçilikleri hem olaryň
hataryna girýär. Häzirki wagtda amala aşyrylýan güýzki çagyryş möwsüminde milli
goşunymyzyň hatarlaryny dolduran ýaş esgerler bu mümkinçiliklerden işjeň
peýdalanýarlar.
Ýörite ýyllyk meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň
harby bölümlerinde awtoulagy dolandyrmaga höwes edýänler hasaba alynýar.
Saýlap-seçilen harby gullukçylardan toparlar döredilýär we Hünärmenleri
taýýarlaýan harby mekdeplere gatnadylýar. Okuwlar iň täze sanly 3D tehnologiýalaryň
– awtoulagy dolandyrmagyň hakykata ýakyn görnüşi bar bolan ýörite türgenleşik
otaglarynyň kömegi bilen geçirilýär. Okuwy geçenlerinden soň harby gullukçylar ýerli
polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň bölümlerinde synag tabşyrýarlar.
Sürüjilik şahadatnamasyna eýe bolan Watan
goragçylary harby bölümlerdäki ýörite awto-rotalara paýlanylyp, diňe bir
awtoulaglary dolandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olary bejermegi öwrenmäge hem
mümkinçilik gazanýarlar.
– Men çagalykdan bäri sürüjilik şahadatnamasyny almaga
höwes edýärdim. Harby gulluga gelenimden soň bu arzuwym hasyl boldy. Okuwy
tölegsiz okadym we sürüjilik şahadatnamasyna eýe bolup, gyzykly hem jogapkärli
bolan wezipä girişdim – diýip, çagyryş boýunça harby gullukçy, hatarçy Hydyr
Malaýew öz duýgularyny biz bilen paýlaşdy.
«Milli goşun».