milli goshun logo
Milli goşunymyzda harby okuw türgenleşigi geçirildi
Milli goşunymyzda harby okuw türgenleşigi geçirildi
13.06.2019 1585 Harby özgertmeler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýyl üçin harby we hukuk goraýjy edaralarynyň tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, Ýaragly Güýçleriň taýýarlyk we söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamak maksady bilen, gije ýarymdan agansoň, degişli düzümleri dessin söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyyna getirmek barada buýruk berdi.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Milli goşunymyzyň söweşjeň ukybyny barlamak, goşunlaryň ähli görnüşleriniň şahsy düzüminiň söweşjeň tälimini mundan beýläk hem kämilleşdirmek maksady bilen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby okuw-türgenleşik geçirýän ýerine geldi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Milli goşunmyzyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrylýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başda durmagynda harby bölümlere häzirki zamanyň ösen tejribesi, täzeçil tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Şol bir wagtyň özünde ýokary hünärli harby gullukçylaryň taýýarlanylmagyna möhüm üns berilýär. Bu bolsa harby gullukçylaryň häzirki zaman söweşjeň tehnikalaryna ussatlyk bilen erk edip bilmekleriniň, häzirki zaman harby ylmynyň işjeň özleşdirilmeginiň baş şertini emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Tälimleriň geçişini hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hut özi dolandyryş merkezinden synlady. Geçirilen harby türgenleşik täliminde Ýaragly Güýçlerimiziň müňlerçe esgerleri berlen tabşyryklary ýyldyrym çaltlygynda ýerine ýetirdiler. Harby gullukçylar tarapyndan dolandyrylýan häzirki zaman harby tehnikalaryň birnäçesi harby okuw meýdançasynda  öz wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!

«Milli goşun».