milli goshun logo
«Milli goşun» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
«Milli goşun» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
24.10.2019 940 Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň her 3 aýdan bir gezek neşir edilýän jemgyýetçilik-syýasy, harby-taryhy we ylmy-usuly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnalymyzyň bu sany hem çeper, syýasy we harby-taryhy makalalara baý boldy. Olardan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde kabul edilen Kararlardan, çözülen çözgütlerden söz açýan, şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň ruhubelentligini beýan edýän, «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň üstünlikli geçen bilelikdäki harby türgenleşigi baradaky, şeýle-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň halkymyza sowgat beren «Türkmen alabaýy» atly täze eserine bagyşlanan makalalar bellärliklidir.

Bulardan başga-da, žurnalymyzdaky makalalarda Şa serpaýynyň eýesi bolan harby gullukçylarymyzdan, täze okuw ýylynyň täze başlangyçlaryndan, Hazar ykdysady forumy baradaky maglumatlardan, ussat halasgärleriň alyp barýan adamzat bähbitli işlerinden hem-de VII Bütindünýä harby oýunlaryna gatnaşjak harby türgenlerimizden söz açylýar.

«Milli goşun» žurnalynyň bu sanynda sanly ykdysadyýetiň aýratynlyklary dogrusynda ylmy, Abdyrahym Hanhanan barada harby taryhy makalalara, şeýle hem Watançylyk mazmunly şygyrlara hem orun berildi. Žurnalyň soňky sahypalaryna kadaly iýmitlenmek baradaky maslahatlar, öz häsiýetiňi bilmek üçin psihologiki test, skanword we güýmenje oýunlary ýerleşdirildi.

Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnalymyzdaky maglumatlaryň, makalalaryň ählisi-de, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň terbiýeçilik we söweşjeň taýýarlygy babatyndaky dünýägaraýyşlaryna oňyn täsir etjekdigine bil baglaýarys. Döredilýän ähli mümkinçilikleriň sakasynda duran hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris!

«Milli goşun».