«Türkmenistan
– Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň ilkinji baýramy
bolan – Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzda baýramçylyk çäreleri
giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.
Däp bolşy
ýaly, baýramçylyk gününiň säheri Watan goragçylarynyň Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde
ýerleşýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, ussat mugallym,
ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline şeýle hem «Halk hakydasy» ýadygärlikler
toplumyna ter gül desselerini goýmaklary bilen başlandy.
Harby we hukuk
goraýjy edaralaryň işgärleri, serkerdeler, harby talyplar, harby okuwçylardyr
esgerler halk hakydasynyň öçmejek nyşanyna öwrülen, Watanyň wepaly ogullarynyň,
ýurt goran merdana gerçekleriň hatyrasyna gül çemenleri goýdular, Watany
janyndan ilerde goýan atalarymyzyň, milletiň ogullarynyň öňünde baş egip, ruhy
tagzym etdiler.
«Milli goşun».