Golaýda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň watan
goragçylaryna görkezýän şahsy göreldesine eýerip, harby gullukçylardan iň ussat
mergenleri kemala getirmek, olaryň taýýarlyklarynyň derejesini has-da
ýokarlandyrmak we öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek maksady bilen, TÝG-niň
ähli harby bölümleriniň arasynda «Iň ökde mergen» atly toparlaýyn bäsleşik
geçirildi. Bu bäsleşikde harby gullukçylar «Ýekelikdäki hasap», «Jübütleýin
hasap» hem-de «Mergenlik estafetasy» ýaly tapgyrlar boýunça bäsleşip, özleriniň
mergenlik, nyşana dürs ot açmak, dürli aralykdaky nyşanalary ussatlyk bilen ýok
etmek ukyplaryny has-da kämilleşdirdiler.
Bäsleşigiň «Ýekelikdäki hasap» tapgyrynda 1-nji
orna borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Daýanç Orazsähedow, 2-nji orna
çagyryş boýunça harby gullugyň kiçi seržanty Allanur Gapurow, 3-nji orna bolsa
çagyryş boýunça harby gullugyň kiçi seržanty Şatlyk Nepesow dagy, örän
gyzgalaňly geçen «Jübütleýin hasap» tapgyrynda 1-nji orna borçnama boýunça
harby gullugyň starşinasy Süleýman Gurbanow, 2-nji orna borçnama boýunça harby
gullugyň uly seržantlary Maksat Muradow hem-de Allanur Jumagylyjow, 3-nji orna
bolsa borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Hurşytbek Redžepow we borçnama
boýunça harby gullugyň kiçi seržanty Täçgeldi Hanow dagy eýe boldular.
Bäsleşigiň iň arzyly «Mergenlik estafetasy» atly tapgyrynda 1-nji orna
podpolkownik Begenç Annaýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň topary, 2-nji
orna polkownik Amangeldi Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň topary,
3-nji orna bolsa podpolkownik Muhammet Jumaýewiň serkerdelik edýän harby
bölüminiň topary mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijileri Hormat hatlary bilen
sylaglandylar.
Ýazmuhammet ÖWEZBERDIÝEW, uly leýtenant.