Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň yzygiderli
tagallalary netijesinde milli goşunymyzyň harby kuwwaty we söweşjeň ukyby barha
ýokarlanýar. Şol nukdaýnazardan ýaňy-ýakynda hem redaksiýamyzyň agzybir
kollektiwi tarapyndan «Mertlige çagyryş» atly täze gysga göwrümli
wideoşekil taýýarlanyldy.
Adyndan belli
bolşy ýaly, täze taýýarlanan gysga göwrümli wideoşekil her bir ýurt goragçysyny
mertlige, merdanalyga we gaýduwsyzlyga çagyryp, olaryň söweşjeň ruhunyň
galkynmagynda möhüm orna eýe bolar.
Biz bu hakda
uzak gürrüň edip bileris, emma halkymyzyň «Eşiden deň bolmaz gören göz bilen»
diýen ajaýyp paýhasy bu gezegem, hut şu gürrüň babatda-da dogrudyr. Onda näme, «Mertlige
çagyryş» atly wideoşekilimizi dolulygyna web-saýtymyzyň «Multimediýa» sahypasyndan görüp bilersiňiz!
«Milli goşun».