03.12.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Mermer binalarda döwrebap şertler
Mermer binalarda döwrebap şertler
20.11.2020 119 Harby Durmuş

Güneşli Diýarymyzyň obalary, şäherçeleri hem-de şäherleri hemme zerur şertleri özünde jemleýän ýaşaýyş-durmuş düzümlerine eýe bolýar. Harby we hukuk goraýjy edaralarymyzyň harby gullukçylary we işgärleri üçin paýtagtymyzda açylan täze jaýlar häzirki zaman binagärlik talaplaryna laýyk gelip, ýurdumyzda milli we halkara binagärliginiň gazananlarynyň sazlaşykly utgaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr.

Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş-jaý toplumynda harby gullukçylarymyzyň bagtyýar maşgalalarynyň eşretli ýaşaýyşy üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Giň, ýagty, köp otagly jaýlarda ähli durmuş zerurlyklary göz öňünde tutulypdyr. Zerur hojalyk enjamlary ornaşdyrylypdyr.

Täze binalaryň ýanaşyk ýerleri-de göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr. Ýene-de bir üns çekerlik ýagdaý, täze jaýlaryň gurluşyk işlerini türkmen gurluşykçylarynyň alyp barmagydyr. 

Bu ýaşaýyş jaý toplumyny türkmen gurluşykçylarynyň gurmagynyň özi  örän jogapkärli we buýsançly iş. Gurluşyk işleriniň dowamynda biz: «Şu binany biz gurupdyk» diýip aýtmaga hakly bolmak üçin gujur-gaýratymyzy aýaman, yhlas bilen zähmet çekdik – diýip, şeýle tutumly dabara şaýat bolan, jaýlaryň gurluşyk işlerine gatnaşan ýaş gurluşykçylaryň biri gürrüň berdi.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri özleri üçin döredilýän ajaýyp şertleri her ädimde duýup ýaşaýarlar. Olar bu mümkinçiliklerden ganatlanyp, halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza, ulus-ilimize ak ýürekden gulluk edýärler.

«Milli goşun».